baýyr

baýyr
Dag etegindäki belentli-pesli depe, pes, ýapgyt dagjagaz.
∙ Hoşgeldi bu gün düme ekinlerine aýlanyp baýyr hem daglara çenli gezipdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
∙ Gözellik bar baýyrynda, düzünde, Jaýlar salynypdyr dagyň ýüzünde. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
∙ Aşgabadyň baýyrlary, daglar eýýäm al-ýaşyl bolup gülledi. (Ata Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem baýyr - baýry.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать реферат

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»